Pekinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň duşuşygy geçirildi

MilliInfo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, özara hormat goýmagyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň iberen salamyny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylyp, many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

«Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň durnukly we ygtybarly ulgamy döredildi. Bu gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçip, öz netijeliligini hem-de türkmen we hytaý halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Öz gezeginde, Si Szinpin Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, Hytaýyň bu teklipleri yzygiderli goldajakdygyny tassyklady.

HHR-iň Başlygy Hytaýda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändigini hem-de goldanylýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan gatnaşyklar uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda goşmaça amatly şertleri üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. «Bularyň ählisi Türkmenistanyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly halkara başlangyçlarynyň maksatlaryna hem-de filosofiýasyna, ýurdumyzyň dünýä syýasatynda ynanyşmak we deňhukukly özara hormat goýmak dialogy ýörelgelerini berkarar etmek boýunça strategik ugruna laýyk gelýär» diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Ýangyç-energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajyp ähmiýetini belledi. Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda ylym we bilim ulgamlarynyň möhüm orny bellenildi.

Öz gezeginde, Si Szinpin ylym, bilim we beýleki durmuş ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de ýakyn wagtda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanalaryny» hem-de Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak boýunça taslamalaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. HHR-iň Başlygy Hytaýyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, intellektual eýeçilik we atçylyk ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de ol Türkmenistanyň oba hojalyk önümleriniň ýokary ekologik derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, Hytaýyň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, ýokary öndürijilikli tehnikalary ibermek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, «ýaşyl» energetikany ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.

***

Duşuşykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we HHR-iň Başlygy dostlukly gezelenç etdiler. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň aýdyň beýanydyr. Soňra özara sowgat alyşmak dabarasy boldy. Milli Liderimiziň hormatly Prezidentimiziň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat bermegi dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini görkezýän ajaýyp waka öwrüldi.

Si Szinpin ajaýyp sowgady hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly hormat goýulýandygyny belledi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Başlygy Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny, mundan bir müçe öň, ýagny 12 ýyl ozal hem özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini aýtdy.

HHR-iň Başlygy türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly sözlerini mysal getirip, hormatly Prezidentimiziň adyndan Gadyrly atly bedewiň sowgat berilmeginiň diňe bir özi üçin däl-de, eýsem, tutuş hytaý halky üçin hem uly hormatdygyny belledi we ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Taryhdan belli bolşy ýaly, Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parfiýa döwletine iberilmegi türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky aýratyn gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Bedew at diplomatik sowgatlaryň hatarynda iň gymmatlysy hasaplanypdyr. Türkmen we hytaý halklarynyň taryhy berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bilelikde geçilen ýoluň iň asylly däpleri Türkmenistan we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklara üstünlikli ornaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info