Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşygy

MilliInfo

Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň rezidensiýasynda Respublikanyň daşary işler ministri Ço The Ýol tarapyndan Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri üçin resmi agşamlyk nahary guraldy. Oňa Türkmenistanyň ilçisi B. Durdyýew hem gatnaşdy.

Guralan giňişleýin pikir alyşmalaryň esasy temasy şu ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky birinji Sammite taýýarlyk görmegiň amaly meseleleri boldy. Duşuşygyň dowamynda Koreýanyň DIM-niň ýolbaşçysy syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş dinamikasyny belledi. Ol geljekki sentýabr Sammitiniň sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdiriljekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça Türkmenistanyň ilçisi döwletara gepleşikleriň ýokary derejesini nygtady. Haryt dolanyşygynyň durnukly ösmegi we esasy ugurlar boýunça amaly özara hereketleriň giňelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Taraplar iki halkyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertleri hökmünde akademiki alyşmalary işjeňleşdirmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça maksatnamalary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň ilçisi koreý tarapynyň geljekki Sammitiň ýokary guramaçylyk we mazmun derejesini üpjün etmekde hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanyň munuň üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info