24-nji iýulda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaýyň Halkara söwda goldaw bermek boýunça geňeşiniň (CCPIT) başlygynyň orunbasarynyň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň başynda hytaý tarapy Türkmenistany 2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Hytaýyň Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň Taçen şäherindäki Merkezi Aziýa medeni alyş-çalyş merkezinde geçiriljek 5-nji Baketu forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Forum Taçen okrugynyň Halk Hökümeti bilen Hytaýyň köptaraplaýyn korporasiýalara goldaw bermek boýunça Halkara geňeşi (СIСРМС) tarapyndan guralýar.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň sebitara integrasiýa başlangyçlaryna we durnukly ösüşe gatnaşmagynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Öz nobatynda ilçi bu çakylyk üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi we duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdy. Ol Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler barada gürrüň berdi.
Duşuşyk hoşniýetli we işjeň ýagdaýda geçdi. Taraplar özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we işjeň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda hytaý tarpyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň hytaý diline terjime edilen goşgular ýygyndysy gowşuryldy.