Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

MilliInfo

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň şol ýerdäki ilçihanasynda geçirilen duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Parahat Durdyýew ŞHG-niň Baş sekretaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, guramanyň çäginde kesgitlenen maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde oňa rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen diplomaty ŞHG-nyň işiniň köptaraplaýyn häsiýetini hem-de Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi. Şeýle hem ol 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada belledi.

Foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak mümkinçiligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, ŞHG-niň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyny ýatlady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasynda söwda-ykdysady, ulag-logistika hem-de ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy barada pikir alyşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info