BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanýan uly üstünliklerini belledi

MilliInfo

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanýan uly üstünliklerini kanagatlanma bilen nygtap, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy maksat edinýän türkmen tarapynyň möhüm halkara başlangyçlarynyň we köpugurly işiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Bu sözler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky duşuşygynda aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda ähmiýetli sene bolup durýar. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 30 ýyl bolýar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine üns çekildi.

Ine, şu günler hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirilýär. Bu ýokary derejeli maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi bolsa hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek häzirki döwürde möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara sebit gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň – hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, akademiki bileleşikleriň, raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda on ýylda bir gezek geçirilýän bu möhüm çäräniň dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, özara arabaglanyşygy ýola goýmakda we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik dialogyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mundan beýläk-de ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo