8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän halkara çäreleriň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýollady.
Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzy iki halkyň dilinde, edebiýatynda we baý däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýan çuň taryhy we medeni umumylyk birleşdirýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamakda we mundan beýläk-de ösdürmekde ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar, özara saparlar aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz şu gezekki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin wajyp ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan BMG, YHG we GDA ýaly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, birek-biregiň taslamalaryny we başlangyçlaryny özara goldaýarlar.
Ýurtlarymyz energetika we ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwata eýedir. Türkmenistan we Azerbaýjan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýedirler, bu bolsa giň gerimli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik döredýär.
Hazar deňzi arkaly gämi we multimodal gatnawlaryny ösdürmek hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Ýurtlarymyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygyndaky geografik çäkde ýerleşmegi munuň üçin amatly şertleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet, ylym, bilim we ynsanperwer alyşmalar ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklap, munuň iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlugy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew özara dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdiler.
