Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Emomali Rahmony «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çäreleriň sebitiň döwletleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de ähli ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Täjigistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistany özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan, däp bolan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen-täjik gatnaşyklarynyň we iki ýurduň arasyndaky yzygiderli syýasy dialogyň okgunly häsiýetini belläp, Türkmenistanyň syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de ýola goýlan ynanyşykly dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady.
– Biz Türkmenistan bilen Täjigistanyň halkara giňişlikdäki, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki netijeli özara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýäris hem-de özara goldaw bermek, halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlary utgaşdyrmak däplerini dowam etmegi maksat edinýäris – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we türkmen tarapynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga, iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem geljegi uly ugur bolup durýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň taryhy we medeni ýakynlygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer ugruň hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidigini belläp, ýurdumyzyň medeniýet, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ynsanperwer alyşmalary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
