Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekildi

MilliInfo
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Şawkat Mirziýoýewiň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini, Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny aýdyp, Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki sаparynyň hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de bu möhüm çäräniň dowamynda kabul edilen çözgütleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýedir. Türkmenistanda Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň BMG-niň, YHG-nyň we GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny aýratyn belläp, ýokary derejedäki türkmen-özbek dialogyna mahsus bolan birek-birege düşünişmegiň we açyklygyň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm şert bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamda baý tejribe toplanylandygyny belläp, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylmagynyň munuň aýdyň mysaly bolandygyny aýtdy. Ulag we logistika ulgamy türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn belläp, Medeniýet günleriniň we festiwallaryň geçirilmeginiň, sungat we ylmy işgärleriň arasyndaky yzygiderli dialogyň iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmaga hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info