Türkmenistanyň FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili guramanyň Baş direktory bilen duşuşdy

MilliInfo

18-nji fewralda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T.Kömekowyň Guramanyň Baş direktory Suý Dunýuý bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda ilçi T.Kömekow Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Baş direktora mähirli salamyny ýetirip, Guramanyň işine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Watanymyzyň oba hojalygyny durnukly ösdürmek we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak ugrunda öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda FAO-nyň ýolbaşçysynyň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada amala aşyran saparynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi we Türkmenistanda FAO-nyň doly hukukly wekilhanasyny döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem şu ýylyň 22-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen «Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygy» atly halkara maslahatynyň durnukly agro-azyk ulgamlaryny kemala getirmek boýunça bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança bolandygy nygtaldy.

Öz gezeginde Baş direktor Suý Dunýuý Aşgabada amala aşyran saparynyň konstruktiw häsiýetini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyga ýokary baha berdi.

Baş direktor Suý Dunýuý Türkmenistanyň uly mümkinçiliklere eýedigini we yzygiderli ösüş ýolunda ynamly öňe ilerleýändigini bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň durnukly ösüşi dowam etdirmek we halkara giňişligindäki ornuny berkitmek üçin berk binýada eýedigi nygtaldy.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýandygy bellenildi. FAO tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlaryny iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde goldamaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Taraplar 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurtlaýyn çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilişi boýunça, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlarda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info