Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

MilliInfo

Düýn — 8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.

Şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şol sanda häzirki gün tertibinde duran birnäçe bilelikdäki başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirip, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info