Türkmenistan bilen KHDR-iň hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge ygrarlydygy beýan edildi

MilliInfo

13-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň (KHDR) Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sin Hon Çhol bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň depgininiň artandygyny bellediler. Şol sanda ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtadylar.

Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda yzygiderli hat alyşmalaryň Türkmenistan bilen KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklarda bar bolan özara hormatyň we düşünişmegiň aýdyň beýanydygy bellenildi.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge iki ýurduň hem ygrarlydygyny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info