Türkmenistan we ÝUNESKO bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdy

MilliInfo

14 Dekabr, 2025

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Sýuýiň arasynda duşuşyk geçirildi. Sin Sýuý Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Bu babatda «Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu karar şu ýylyň 11-nji dekabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň mejlisinde kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça pikir alşyldy we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň amaly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Taraplar bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda, şeýle hem maddy we maddy däl mirasy gorap saklamak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info