10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖADSM) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we MAÖADSM-iň arasyndaky, hususan-da, ýakynda öz işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşiklerde esasy üns BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryna gönükdirildi. Olaryň köpüsiniň merkeziň mandatyna laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurlar boýunça MAÖADSM bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.




