11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Çinwe Ogbonna bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistanyň we UNFPA-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we geljek ýyl üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetde aýallaryň orny: Durnukly ösüş Maksatlaryna ýetmegiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi» atly Halkara maslahatynyň ähmiýeti we netijeliligi aýratyn nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapyna maslahatyň ýokary derejeli guramaçylyk işleri we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirildi.