Türkmenistan — Gruziýa: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

MilliInfo

Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň, gruzin-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap D.Matikaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellep geçdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýerde parlamentara ugur boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagatlanma bilen bellenildi. Şunlukda, birek-birege ynamy berkitmäge we tejribe alyşmaga ýardam berýän ýokary derejeli saparlaryň hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň orny aýratyn bellenildi.

Konstruktiw we durnukly döwletara gepleşikleri ilerletmegiň möhüm guraly bolup durýan parlamentara dostluk toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny hem-de gyzyklanmalaryny bildirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info