Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

MilliInfo

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.

N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde, hususan-da, BMG-niň çäginde üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gepleşikleri çuňlaşdyrmakda we ýurtlaryň arasyndaky özara ynanyşmagy berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň möhüm orna eýe bolýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dürli derejelerdäki gatnaşyklary dowamly alyp barmaga, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ähli tagallalary etjekdiklerini tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info