Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Rönesans Holding», «Çalyk Holding» hem-de «Buig» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklarda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigi hem-de ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň ähmiýeti bellenildi. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändigini tassyklaýar.
Işewürler Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
«Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol ýyllaryň dowamynda kompaniýa özüne ynanylan taslamalary halkara standartlara laýyk ýerine ýetirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi.
Erman Ylyjak kompaniýanyň ýerine ýetirýän gurluşyk işlerinde Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryndan ugur alynýandygyny aýdyp, munuň üçin hormatly Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi.
«Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda işlemegiň ýolbaşçylyk edýän düzümi üçin uly mertebedigini belläp, daşary ýurt kompaniýalaryna, şol sanda «Buig» kompaniýasyna türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin hoşallygyny beýan etdi.
«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi.

