Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň meýdançasynda birnäçe duşuşyklary geçirdi

MilliInfo

23 Sentýabr, 2025

22-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, maýa goýum we tehnologik ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýän Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ähmiýeti hem bellenip geçildi. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

***

Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça alyp barýan köpýyllyk we netijeli strategik hyzmatdaşlyk tejribesini bellediler.

Söhbetdeşler 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgustynda Türkmenistanda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilmeginiň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky işjeň ornunyň hem-de ählumumy wezipeleri çözmekde ähmiýetli goşandynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar.

Taraplar LLDC3-iň esasy jemleýji resminamalarynyň – Awaza syýasy Jarnamasynyň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amalyýetde durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynanyşmagy berkitmäge, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we durnukly ösüşiň ählumumy gün tertibini ilerletmäge ýardam bermek arkaly BMG-niň ulgamyndaky bilelikdäki işleri giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

***

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara seredilip, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.

***

Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary hanym Rozmari Dikarlonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-iň ulgamy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we halkara howpsuzlygyny berkitmek ýaly esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işine hem-de sebitleýin hyzmatdaşlyk mehanizmlerini berkitmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň döwletleriň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmak we halkara derejede netijeli konstruktiw dialogy ösdürmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlary, şol sanda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilendigi aýratyn bellenip geçildi.

Şu başlangyçlaryň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine» atly bent girizildi. Şonuň bilen baglylykda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy» hem-de «Halkara araçylyk güni» atly Kararnamalaryň taslamalaryna garamak göz öňünde tutuldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo