5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen hormatly myhmanlaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar.
Taraplar dürli ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine hem-de toplanan oňyn tejribesine ýokary baha berip, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň we hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ozal gazanylan hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
***
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň ähmiýetli maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly energetikany we ulag ulgamyny ösdürmek, suw serişdelerini peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
***
Döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Şunda ulanylmadyk ägirt uly kuwwatyň bardygy aýdyldy. Onuň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.
***
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewi kabul etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn döwletara dialog hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribesine, berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-rus döwletara dialogynyň gün tertibiniň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ulag, energetika, senagat we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryna girýär. Şunda ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Awazada geçýän forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy meselelerine geçip, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine iki ýurduň hem ygrarlydygyny nygtadylar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan diňe bir ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
***
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen duşuşdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, hususy pudagyň ugry boýunça dialogyň has-da işjeňleşdirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda eýeleýän ornuna üns çekildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähmiýetli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýuny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Bu gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk we syýasy partiýalaryň arasyndaky dialog işjeň ösdürilýär. Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli gatnaşyklaryň oňyn mysaly hökmünde görkezdiler. Ikitaraplaýyn dialogda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga-da möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýakyndan goldaw beriljekdigini aýtdy.
***
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Gyrgyzystany doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Taryhyň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy, bilelikdäki ösüşe ymtylma bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Türkmenistan Gyrgyz Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Söhbetdeşler BMG-niň, GDA-nyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we beýleki köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Şunuň bilen birlikde, ulag-logistika arabaglanyşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyzda bolýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan ulag, logistika, infrastruktura meselelerini çözmäge, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnukly we inklýuziw ösüş üçin şertleri döretmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolar.
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-gruzin döwletara dialogynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyz ulag, senagat, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
***
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi bilen duşuşdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit-gaz ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin hem täze mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerinidir usullaryny gözlemek hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli dialogyň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýär.
***
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl-de, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz maslahatyň çäklerinde belent mertebeli myhmanyň Türkmenistan barada, hususan-da, energetika ulgamynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň tebigy baýlyklary, eksport kuwwaty hakynda baý maglumatlary edinmek mümkinçiliginiň boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Eswatini Patyşalygy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli başlangyçlary we teklipleri goldamaga taýýardygyny nygtady.