Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda Garwardy hem yzda galdyrdy

MilliInfo
Çžeszýan uniwersiteti

Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda Garwardy hem yzda galdyrdy. Bu barada «Mir24» habar berýär.

Hytaýyň uniwersitetleri Niderlandlaryň Leýden uniwersiteti tarapyndan taýýarlanylýan dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýelediler.

2025-nji ýyl üçin düzülen täze sanawda Hytaý Halk Respublikasynyň birbada sekiz sany ýokary okuw mekdebi ilkinji onluga girmegi başardy. Sanawyň birinji ornunda Hançžou şäherinde ýerleşýän Çžeszýan uniwersiteti ýerleşdi. Ikinji orny Şanhaýyň Szýaotun uniwersiteti eýelän bolsa, Amerikanyň meşhur Garward uniwersiteti üçünji orna düşdi.

Reýtingiň dördünji we dokuzynjy orunlarynyň aralygyndaky ähli ýerleri hem Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri eýeledi. Ilkinji onlugy bolsa Kanadanyň Toronto uniwersiteti jemledi.

Garward uniwersiteti reýtingdäki öz ornuny kem-kemden ýitirmegini dowam edýär. Ol 2025-nji ýylda ikinji orundan üçünji ýere düşdi. Ol mundan iki ýyl ozal dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynyň başyny çekýärdi.

Reýtingiň resmi saýtynda bellenilşi ýaly, sanaw düzülende, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy neşirleriniň (makalalarynyň) sany esasy görkeziji hökmünde hasaba alynýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info