Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärleri «Açyk gapylar» günlerine çagyrýarlar

MilliInfo

23 Aprel, 2026

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» günlerini geçirýärler. Şeýle çäreler ýaşlaryň uniwersitetleriň hem-de institutlaryň mümkinçilikleri bilen tanyşmagyna möhüm şertleri döredýär.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 25-nji aprelde we 9-njy maýda 15:00-da «Açyk gapylar» gününi geçirýär. Ýokary okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheriniň Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993422) 3-04-21, 3-67-02, 3-25-44. Ýokary okuw mekdep baradaky maglumatlar onuň resmi saýtynda hem ýerleşdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty dalaşgärleri 25-nji aprelde we 16-njy maýda 15:00-da tanyşlyk duşuşygyna çagyrýar. Institutyň salgysy: Mary welaýaty, Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800522-5-75-10; 800522-5-75-17. Institut baradaky maglumatlar ýokary okuw mekdebiň resmi saýtynda hem ýerleşdirilendir.

9-njy maýda 10:00-da ýurdumyzyň ýaş raýatlary üçin «Açyk gapylar» gününi geçirmegi Türkmen oba hojalyk instituty dowam edýär. Bu ýerde dalaşgärler bilen ilkinji duşuşyk eýýäm 11-nji aprelde üstünlikli guraldy. Türkmen oba hojalyk institutyna girmek isleýän ýaşlar Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy salgysy boýunça çagyrylýar. Goşmaça maglumatlary: 800322-­9-33-­92; 800322­9­-40­-68 telefon belgileri boýunça alyp bolar. Hemme isleg bildirýänler institutyň resmi saýtyna girip, ýokary okuw mekdep bilen islendik gün we amatly wagt tanşyp bilerler.

«Açyk gapylar» gününde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň myhmanlary üçin okuwa girmegiň ähli meseleleri boýunça doly maglumatlar berler. Dalaşgärler ýokary okuw mekdepleriň wekilleri bilen duşuşarlar, olar hödürlenilýän hünärler hem-de taýýarlygyň ugurlary barada giňişleýin gürrüň bererler.

Bilim ojaklaryna gelýänler üstünlikli okamak, ylym, döredijilik, sport bilen işjeň meşgullanmak hem-de talyp ýaşlaryň boş wagtlaryny mazmunly geçirmekleri üçin ýokary okuw mekdeplerdäki mümkinçilikler we şertler bilen jikme-jik tanyşdyrylar.

Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň myhmanlary üçin degişli ugurlar boýunça wideoşekiller, gyzykly sergiler, intellektual bäsleşikler hem-de zehinli ýaşlary okamaga çekmek, olary hünär saýlamakda goldamak, ýaşlaryň ylma gyzyklanmalaryny artdyrmak we ýokary bilim almaga höweslendirmek maksady bilen «Açyk gapylar» gününiň maksatnamasyna girizilen beýleki çäreler taýýarlanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info