Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

MilliInfo

Düýn — 10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Mejlisiň on ikinji maslahatyna taýýarlyk görülýär.

Mejlisiň deputatlary, şol sanda Lebap welaýatyndan saýlanan deputatlar ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan gyzyklanýarlar, welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça geçirilýän kabul edişlige gatnaşýarlar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer G.Agajanowyň hasabaty nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we Lebap welaýatynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we gowaça ekişini geçirmek, owlak-guzy, köşek almak boýunça işler dowam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada beýan edildi.

Wise-premýer N.Atagulyýew ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabatynda Lebap welaýatynyň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde gözegçilik edýän ulgamlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlara degişli birnäçe meselelere seretmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň hasabatynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada beýan edildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewe söz berildi. Ol sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häkim hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bilen baglylykda welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info