San-Fransiskoda 1 000 000 dollar utmaga mümkinçilik: «Startup World Cup Ashgabat 2026» üçin hasaba alyş başlandy!

MilliInfo
San-Fransiskoda 1 000 000 dollar utmaga mümkinçilik: «Startup World Cup Ashgabat 2026» üçin hasaba alyş başlandy!

Siziň startapyňyz dünýä derejesine çykmaga taýýarmy?

«Startup World Cup Ashgabat 2026 | Regional Stage» çäresine gatnaşyň! Bu öz taslamaňyzy tejribeli eminler toparyna tanyşdyrmak, maýadarlary we hyzmatdaşlary tapmak, iň esasy bolsa — Kremniý jülgesinde (San-Fransisko, ABŞ) geçiriljek ägirt uly finala gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin üýtgeşik mümkinçilikdir.

Finalyň baş baýragy: 1 000 000 dollar maýa goýumy!

Aşgabatdaky sebit tapgyrynyň ýeňijisi 2026-njy ýylyň 4–6-njy noýabrynda San-Fransiskoda geçiriljek halkara startap arenasynda Türkmenistandan wekilçilik eder.

Kimler ýüztutup biler?

Islendik ugurdan we islendik tapgyrdaky — pikir derejesinden başlap taýýar önüme çenli bolan taslamalar kabul edilýär.

Gatnaşyjylardan näme talap edilýär?

  1. Hasaba alyş anketasyny doldurmak

  2. Tanyşdyryş prezentasiýany taýýarlamak (Pitch Deck)

  3. Eminleriň öňünde öz taslamaňyz bilen çykyş etmek

Geçiriljek senesi: 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabry
Gatnaşmak: Tölegsiz (ýöne ýerler çäkli!)

Habarlaşmak üçin: +99361130929

Amatly pursata garaşyp oturmaň — mümkinçilikleri özüňiz dörediň! Şu salgy arkaly anketa dolduryň we startapyňyzyň mümkinçiliklerini tutuş dünýä görkeziň!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info