Soltanlar, söweşler we imperiýanyň ykbaly: «Beýik Seljukly» taryhy romanynyň üçünji jildi satuwa çykaryldy

MilliInfo

9 Awgust, 2025

Taryh bilen gyzyklanýan okyjylaryň köpüsi Türkmenistanyň halk ýazyjysy, taryhçy alym Ýazmyrat Mämmediniň «Beýik Seljukly» atly taryhy romanynyň ilkinji jiltleri bilen tanyş bolsa gerek.

Bu kitaplarda gadymy oguzlar, orta asyryň oguz-türkmen hanlyklary, yslam dininiň kabul edilmegi, Seljuk begiň nesli bolan Dukak ogly Çagry beg bilen Togrul begiň ýolbaşçylygyndaky türkmen tireleriniň Horasana göçmegi, Mesut Soltanyň gazaby, dawa-jenjeller hem-de Seljuklaryň Daňdanakan söweşindäki ýeňşi ýaly taryhy wakalar beýan edilýär.

Şu ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan bu romanyň üçünji jildi neşir edildi. Bu eser Beýik Seljuk döwletiniň gurluşy hem-de bu döwleti gurmaga gönüden-göni dahylly bolan taryhy şahsyýetleriň ömür we durmuş ýollary barada täsirli gürrüň berýär.

Geňeşiň karary boýunça Çagry beg Horasany gözegçilikde saklap, Merwde galýar, Togrul beg bolsa Reý şäherini merkez edinip, günbatara ýörişe başlaýar. Ol Gürgen, Azerbaýjan, Bagdat hem-de Wizantiýa tabyn käbir ýerleri eýelemek arkaly döwletiň çäklerini giňeldýär.

Kitapda aýratyn orun Alp Arslan Soltanyň döwrüne berilýär. Ol Togrul begiň ýoluny dowam edýär. Romanyň iň gyzykly pursatlarynyň biri hökmünde Mansikert (häzirki Türkiýäniň Malazgirt şäheri we etraby) söweşi görkezilýär. Bu ýerde Alp Arslan Wizantiýanyň hökümdary Roman IV Diogeni ýeňip, ony tussag edýär. Bu ýeňiş diňe bir Beýik Seljuk döwletiniň döredilmegine ýol açman, ol Alp Arslana «Soltanlaryň soltany» diýen belent ady hem getirýär.

«Beýik Seljukly» taryhy romany, taryhy wakalaryň hem täsirli, hem-de öwrediji bolup biljekdigini görkezýär. Neşiriň ähmiýetini artdyrýan başga bir aýratynlygy bolsa, onda ýerleşdirilen suratlardyr. Olar romanyň içinden eriş-argaç bolup geçýän wakalary hem-de taryhy gahrymanlaryň keşplerini özboluşly suratlandyrýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo