Watan goragçylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy

MilliInfo

Düýn — 28-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Berkarar Watanymyza, halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli berlen ýokary döwlet sylaglaryny uly buýsanç bilen kabul eden harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri mundan beýläk-de gulluk borçlaryny birkemsiz berjaý etjekdikleri barada harby kasamy kabul etdiler.

Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy babatda ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berkidilmegine, döwletimiziň çäk bitewüliginiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny subut edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo