«Watan» kinokonsert merkezi ildeşlerimizi Ybraýym Nyýazmyradowyň konsertine çagyrýar

MilliInfo

2 sagat öň

Siz hem zehinli aýdymçy Ybraýym Nyýazmyradowyň aýdymlaryny halaýarsyňyzmy? Onuň owazyny janly sesde diňlemek isleýäňizmi? Onda bu habar siziň üçin ajaýyp sowgat bolar.

«Watan» kinokonsert merkezi ildeşlerimizi 20-nji martda geçiriljek Ybraýym Nyýazmyradowyň konsertine çagyrýar. Zehinli aýdymçynyň şirin owazy size ajaýyp gurşawda medeniýetli dynç almaga mümkinçilik berer. Bu konsertde tanymal sungat ussadymyz Döwran Meläýewiň aýdymlary hem ýaňlanar.

Konsert 19:00-da başlanýar.

Petekler boýunça habarlaşmak üçin +993 64 94-59-96 hem-de +993 12 92-18-65 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info