Watanymyzda kartografiýadan birinji Internet-olimpiadasy geçiriler

MilliInfo

12 sagat öň

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I Internet-olimpiadasyny geçirýär. Olimpiada 17-nji dekabrda sagat 15:00-da başlanar.

Oňa dürli ugurlardan bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler. Has takygy, her ýokary okuw mekdepden 5-den köp bolmadyk talybyň gatnaşmagyna rugsat edilýär.

Ýeňijileri 50 sowaldan ybarat bolan test-synagy kesgitlär. Olimpiadada çykyş etmek isleýänler 10-njy dekabra çenli bellenen elektron salgysyna gatnaşjak talyplar we olaryň ýolbaşçysy baradaky maglumaty ýollamalydyr.

tdbgi.kartografiya@gmail.com

+993 61 669421+993 12 281840.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo