Ýurdumyzyň teatrlarynyň hem-de sirkleriniň döredijilik toparlary bagtyýar watandaşlarymyz üçin baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berildi.
Şunlukda, Watanymyzyň teatrlarynda hem sirklerinde baýramçylyk sahna oýunlarydyr tomaşalary 26 — 31-nji dekabr aralygynda her gün sagat 19.00-da, çagalar üçin baýramçylyk tomaşalary bolsa gündiz 11.00-da, 12.00-da we 14.00-da başlanar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda 26-nji dekabrda «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly tomaşa, 27-sine we 28-ine «Gelin gelýär» atly şadyýan sahna oýny, 29-yna we 30-yna aýdym-sazly «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşa görkeziler.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry dekabr aýynyň 26-sy — 31-i aralygynda «Täze ýylyň jadyly sandygy» hem-de «Täze ýyl degişmeleri» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalary bilen teatr muşdaklaryny garşylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dekabr aýynyň 26-syna «Ak arzuwly Täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan degişmeli, aýdym-sazly tomaşa, 27-sine we 28-ine «Täze ýyl geldi, bagt serpaýyn eçilip!» atly aýdym-sazly, degişmeli tomaşa, 29-yna «Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary» atly simfoniki orkestriň konserti (dirižýory T.Ataýew), 30-yna hem 31-ine bolsa «Hoş geldiň, ülkäme ajap Täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly, degişmeli tomaşa guralar.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry dekabr aýynyň 28-ine, 29-yna, 30-yna hem-de 31-ine «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly, gülküli tomaşany bagtyýar ýaşlara hödürlär. Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny dekabr aýynyň 27-sine «Çagaly öý bazar», 28-ine «Jüýteniň toýy», 29-yna «Çagaly öý bazar», 30-yna hem 31-ine «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly aýdym-sazly tomaşa bilen begendirer.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry hem Täze ýyl baýramy mynasybetli dekabryň 26-syna «Sekiz mährem zenan», 27-sine «Aýazbaba we çal möjek» atly sahna oýny, 28-ine çagalar we ýetginjekler üçin «Aýazbaba we Gar şazenany» atly sahna oýny, 30-yna «Myhmançylykda» atly spektakly, 31-ine «Täze ýylyňyz bilen!» atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly, gülkili baýramçylyk tomaşasy bilen gapylaryny giňden açar.
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Arkadag şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýat teatrlarynda baýramçylyk sahna oýunlary hem-de tomaşalary sungat muşdaklaryna hödürlener.
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 27-sine «Şowhunly tomaşa!» atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly, gülküli tomaşa, 28-ine «Saňa ýalan, maňa çyn» atly sahna oýny, dekabryň 30-yna hem 31-ine bolsa «Gutly bolsun, Täze ýylyňyz!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen öz myhmanlaryny garşy alar.
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry baýramçylyk mynasybetli dekabr aýynyň 27-sine we 28-ine «Gülki sowgady», 29-yna we 30-yna «Buşluk, Täze ýyl geldi!» atly teatrlaşdyrylan hem-de beýleki aýdym-sazly degişmeli tomaşalaryny hödürlär.
Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-sine «Aýdym-sazly gülküli agşamy», 28-ine «Gülki sowgady», 30-yna «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez», 31-ine bolsa «Her çemenden bir gunça» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşalary bilen sungat muşdaklaryny begendirer.
Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-si — 31-i aralygynda «Hoş geldiň Täze ýyl, salam, Täze ýyl», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry dekabryň 26-syna we 27-sine çagalar üçin «Altyn jüýje», 28-ine «Bildiriş» atly sahna oýunlary, 30-yna we 31-ine bolsa «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen tomaşaçylary begendirer.
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň sirkleri hem täze tomaşalar taýýarlap, sirk sungatynyň täsinliklerini söýüjileri begendirer. Türkmenistanyň döwlet sirkinde dekabr aýynyň 26-sy — 30-y aralygynda «Täze ýylyň öwüşginleri» atly ýörite sirk tomaşasyny hödürlense, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Täze ýylyň şatlygy» atly sirk tomaşasy görkezilýär.
