WAZA türkmen tebigatynda seýrek ýabany haýwanyň — garagulagyň çagasynyň bellige alnandygyny habar berdi

MilliInfo

31 Iyul, 2025

Watanymyzyň çäginde ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi. Ýabany tebigatda möhüm açyş hökmünde hasaba alnan bu pursat Garabogazköl howdanynda ornaşdyrylan surata alyjy duzaklaryň kömegi bilen ýazgy edildi. Bu barada Bütindünýä haýwanat baglary we akwariumlary assosiasiýasy (WAZA) mälim etdi.

Munuň Şotlandiýanyň Patyşalyk Zoologiýa jemgyýeti (Royal Zoological Society of Scotland, RZSS) hem-de «Conservation X Labs» başlangyjynyň bir bölegi bolup, tebigaty goramak bilen meşgullanýan «Team Bars Turkmenistan» türkmen guramasy tarapyndan amala aşyrylan işleriň netijesidigini bellemek gerek. Bu waka garagulagyň Türkmenistanda köpelişiniň ilkinji resmi subutnamasy boldy. Şunlukda, bu ýer şol jandaryň ýurdumyzda resmi taýdan hasaba alnan iň demirgazyk nokady hökmünde tassyklanyldy.

2024-nji ýylyň ortalaryndan bäri alnyp barylýan gözegçilik işleri ýabany haýwanlaryň ýurdumyzdaky ýaşaýan esasy ýerlerinde, şol sanda Özbegistan bilen serhediň golaýynda ýerleşýän Gaplaňgyr goraghanasynda we Üstýurt platosynyň gaýaly ýerlerinde ýaýbaňlandyryldy.

Biziň yklymymyzda — Aziýada garagulaklar üçin iň uly howp bu jandarlaryň ýaşaýan ýerleriniň ýok bolmagy, şeýle-de adamlaryň hem itleriň olara ýetirýän howpy bilen baglydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info