17-nji oktýabrda sagat 19:00-da Aşgabatda Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň «Wena sahypalary» atly konserti geçiriler. Türkmenistanyň at gazanan artisti, orkestriň çeper ýolbaşçysy Rasul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde çalynjak sazlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň kalbynda iň ýakymly duýgulary döreder.
Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar kögünde ýaýbaňlandyryljak ajaýyp konsertiň meýilnamasy nusgawy sazlaryň giň toplumyny özünde jemlär. Onuň birinji bölüminde Mosartyň beýik eserleri ýaňlansa, ikinji bölüminde Bethoweniň, Iogan Ştraus II-niň, Zuppeniň hem-de Frans Legaryň döreden susgawy sazlary ýerine ýetiriler.
Habarlaşmak üçin: +993 12 72-45-12; +993 63 46-71-77; +993 12 26-69-17; +993 12 51-41-57; +993 64 03-74-56
