Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny Keramatly Stefanyň güni bilen gutlady

MilliInfo

20 Awgust, 2025

Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny Keramatly Stefanyň güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýoka, Premýer-ministri Wiktor Orbana hem-de ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Tamaş Şuýoka we Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wengriýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info