«ZTE» kompaniýasy Hytaýda «U30 Standard Edition» atly göterilýän Wi-Fi routerini tanyşdyrdy. Täze enjam birden dokuz sany hemmetaraplaýyn gönükdirilen antenna, iki diapazonly Wi-Fi 6 goldawy, NFC wezipesi we 5000 mA·sag sygymly içerki akkumulýator bilen üpjün edildi. Enjamyň bahasy 489 ýuana — takmynan 70 dollara deňdir.
«ZTE U30» modeliniň iň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň antenna ulgamydyr. Enjamyň gabarasynda 360 derejelik gurşawy üpjün edýän dokuz sany hemmetaraplaýyn gönükdirilen antennalar matrisasy ýerleşdirilipdir. Router Wi-Fi 6 standartynda bir wagtda 2,4 we 5 GGsi ýygylyk diapazonlarynda işleýär. Oňa bir wagtyň özünde 16 enjama çenli birikdirip bolýar.
Ulgama çalt birikmek üçin NFC tehnologiýasy göz öňünde tutulypdyr: simsiz ulgama birikmek işini ýeňilleşdirmek üçin sazlaşykly enjamy routere golaýlatmak ýeterlikdir. Birikdirilen gajetleri we sazlamalary «ZTE Smart Life» goşundysy arkaly dolandyryp bolýar.
5000 mA·sag sygymly akkumulýator adaty şertlerde 12 sagada çenli awtonom (energiýasyz) işlemegi üpjün edýär. «ZTE U30-yň» ölçegleri 149 × 69,8 × 12,5 mm bolup, agramy, takmynan 171 grama deňdir. Alyjylara enjamyň iki reňk görnüşi — kümüşsöw we ýaşyl nusgalary teklip edilýär.
