Tanyş boluň, bu Ponço — Madridiň polisiýasynyň ýyldyzy. Okuw-türgenleşiklerinde bu köpek geň galdyryjy ukybyny görkezdi: egindeşi özünden giden keşbe girende, Ponço haýal etmän oňa «ýürek-öýken reanimasiýasyny» edip başlady, hatda dem alşyny hem diňledi.
Lukmançylyk nukdaýnazaryndan bu, elbetde, ýöne bir ajaýyp oýundyr — köpek fiziki taýdan adamyň döş kapasasyny gerekli güýç bilen basyp bilmez. Ýöne bu wideonyň «ýyldyrym çaltlygynda» dünýä ýaýramagyna lukmançylyk ähmiýeti däl-de, eýsem, adam bilen gullukçy köpegiň arasyndaky gatnaşygyň nähili güýçlüdigini görkezýändigi sebäp boldy.
Bu köpekler hakyky tabşyryklary ýerine ýetirenlerinde her gün öz janlaryny töwekgelçilige salýarlar. Ponço hakyky ýürek owkalamasyny edip bilmese-de, ol öz hyzmatdaşy üçin ikirjiňlenmän janyny gurban eder.