Winisius Junior: «Mbappeniňki bilen deň möçberde hak almak isleýärin»

MilliInfo

29 Iyul, 2025

Madridiň «Realynda» çözülmesi agyr meseleleriň biri ýüze çykdy. Ýyldyz oýunçy Winisius Junior Fransiýanyň «PSŽ» klubyndan gelen Kilian Mbappe bilen deň möçberde hak almak isleýändigini resmi ýagdaýda klubyň ýolbaşçylylaryna ýetirdi. Winisiusyň bu islegi klubyň ýolbaşçy düzümini alada goýýar. Häzirki wagtda onuň ýyllyk haky 15 million ýewro, Mbappe bolsa ýylda 23 million ýewro alýar. Winisius Junioryň bu aladasynyň serişde bilen bagly däl-de, Kilian Mbappeniň arkasyndaky 2-nji derejeli oýunçy bolmakdan gorkýandygyny tassyklaýarlar.

Klubyň ýolbaşçylary Winisiusyň talap edýän aýlyk hakyny «ýokary hem artykmaç» hasap edýärler. Eger-de, klub bilen futbolçynyň arasynda ylalaşyk gazanylmasa, şertnamasynyň 2027-nji ýyla çenli dowam edýändigine garamazdan, Winisius Junior başga topara transfer bolup biler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info