Dowam edýän transfer möwsüminde Türkiýäniň «Galatasaraý» klubuna geçmegine garaşylýan «PSŽ-niň» italiýaly derwezeçisi Janluiji Donnarumma bilen «Mançester Ýunaýted» hem gyzyklanýar. 30-njy iýulda günüň birinji ýarymynda Donnarummanyň menejeri bilen «Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylary bu transferi amala aşyrmak boýunça bellibir derejedäki ylalaşygy gazanypdyrlar. «Corriere dello sport» gazetinde «Mançester Ýunaýtediň» Donnarummany klubuň düzümine goşmaga gaty ýakyn gelendigi bellenilýär.
«PSŽ» bilen şertnamasyny uzaltmak mümkinçiligi bolan Donnarummanyň öz klubundan aýlyk hakynyň galdyrylmagyny talap edýänligi sebäpli, «PSŽ» şertnamany uzaltman biler.
Ýeri gelende ýatlasak, geçen möwsümde 47 oýna çykyp, derwezesine 43 gol goýberen Donnarumma 13 oýunda hiç hili gol geçirtmändi.
