Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezi talyp wizasyna ýüz tutjaklara ýüzlenmesini hödürledi. Türkiýe Respublikasy üçin wiza we maslahatçylyk beriş hyzmatlaryny hödürleýän «Gateway International Turkmenistan» şu günden başlap (20.08.2025ý) talyp wizasy üçin ýüz tutýanlaryň okuwa kabul ediş hatlaryny ýa-da talypdygyny tassyklaýan resminamalaryny görkezmek şerti bilen, amallaryny nobata bellenmeden ýerine ýetirip biljekdiklerini habar berdi. Bu mümkinçilik soňky günlerde talyp wizasyna ýüz tutmak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň sanynyň ep-esli artýandygy bilen baglylykda, ýüze çykyp biljek näsazlyklaryň öňüni almak maksady bilen hödürlenilýär.
Şunlukda, ildeşlerimiz, arza üçin zerur resminamalaryň ählisi taýýar bolan ýagdaýynda, wiza merkezine öňünden nobata bellenmeden ýüz tutup bilerler.
Salgysy: Aşgabat şäheri, 2127 (G.Kuliýew) köçesi, 88-nji jaý
Web sahypasy: https://gatewayinternational.com.tr/turkmenistan
Sorag-jogap merkezi: +993 12 400212
E-poçta: helpline.turkmenistan@gateway.com.tr
