Woleýbol boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň final duşuşygy janköýerlere garaşýar: giriş tölegsiz

MilliInfo

20 Ýanwar, 2026

Şu gün — 20-nji ýanwarda erkekler toparlarynyň arasyndaky woleýbol boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiligi tamamlanýar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilýän ýaryşyň jemleýji duşuşyklarynyň dartgynly geçmegine garaşylýar.

14:00-da Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň üçünji orun ugrundaky duşuşygy geçiriler. Ol «Migrasiýa» hem-de «Talyp sport» toparlarynyň arasynda geçer.

Final oýun bolsa 16:00-da başlanar. «Galkynyş» hem-de «Nebitçi» toparlarynyň arasynda guraljak oýun Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň ýeňijisini kesgitlär.

Şu gün 18:00-da bolsa ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy geçiriler.

Ýaryşyň jemleýji duşuşyklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçiriler. Oýunlara tomaşa etmek isleýän woleýbol janköýerleri üçin girişiň tölegsizdigini ýatladýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info