Sanly tehnologiýalar bilen gyzyklanýaňyzmy, IT dünýäsinde özüňizi ykrar etdirmek isleýäňizmi? Ine, siziň üçin ajaýyp mümkinçilik:
«Wolga-IT 2025» (https://t.me/volgait) halkara sanly olimpiadasyna gatnaşyň. Ulýanowsk oblastynyň hökümetiniň hem-de öňdebaryjy IT-kompaniýalaryň goldawy esasynda guralýan iri taslama 16 — 23 ýaşly mekdep okuwçylary çagyrylýar.
Ýeri gelende bellesek, 2006-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän olimpiada her ýyl Russsiýanyň sebitlerinden we dünýäniň beýleki döwletlerinden bolan gatnaşyjylaryň ýüzlerçesini bir ýere jemleýär. Onuň maksatnamasy IT-senagatynda talap edilýän tehniki we ynsanperwer ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar.
Gatnaşyjy hökmünde bellige aldyryň we Olimpiadanyň resmi saýtynda berlen gönükmeler boýunça bäsleşiklere goşulyň!
Goşmaça maglumatlar üçin volga-it.org@yandex.ru elektron poçtasy boýunça habarlaşyp bilersiňiz.
