«World Magazine» halkara syýahatçylyk žurnaly Türkmenistana doly bagyşlanan 60 sahypalyk ýörite sanyny neşir etdi.
«World Tourism Forum Institute» guramasynyň resmi neşiriniň bu sany ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistan — 2026: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen çap edildi. Žurnalyň baş sahypasyny ahalteke bedewiniň suraty bezeýär.
Neşiriň materiallarynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty, ýurduň Hazar sebitinde eýeleýän möhüm orny, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem ýokary ykdysady ösüş we syýahatçylyk kuwwaty barada jikme-jik gürrüň berilýär.
Türkmenistanyň özboluşly medeni-taryhy mirasy awtoryň üns merkezinden ornuny tapýar. Okyjylar meşhur ahalteke bedewleri, türkmen alabaýlary, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy, şeýle hem ajaýyp ýerler — ak mermerli Aşgabatdan we Ýangygala jülgesinden başlap, Derwezedäki «Garagumuň ýalkymy» diýlip atlandyrylýan gaz kraterine hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna çenli bolan taryhy we gözel künjekler barada täsirli maglumatlary alyp bilerler.
Žurnal mugt paýlanylýar we dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman meýillerini, maýa goýum mümkinçiliklerini we dürli ýurtlaryň pudaklaýyn ösüşini beýan edýär.
