Golaýda «XCEL GLOBAL ROUND 2026» ady bilen «XCEL» kompaniýasy tarapyndan guralýan abraýly olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bilim olimpiadasynyň ELITE, «MathXCEL» hem-de «RobotiXCEL» ugurlaryndan çykyş eden türkmen ýaşlary dürli derejeli medallaryň ençemesine eýe boldular.
Halkara ELITE olimpiadasy okuwçylaryň iňlis dili boýunça bilimini, dil başarnyklaryny we akademiki taýýarlygyny halkara derejede bahalandyrýan abraýly bäsleşikleriň biridir. Olimpiadanyň mazmuny we tabşyryklary IELTS halkara synagynyň standartlaryna laýyklykda taýýarlanylýar. Bu olimpiada dünýäniň onlarça ýurdundan gelen 1–12-nji synp okuwçylaryny bir ýere jemläp, olaryň iňlis dili boýunça bilimlerini halkara derejede synagdan geçirmäge mümkinçilik döredýär.
Her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem ELITE olimpiadasynyň halkara final tapgyry ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki meşhur UCLA uniwersitetiniň (University of California, Los Angeles) çäginde geçirildi. Jemleýji tapgyrlaryň ýene biri Awstraliýanyň Sidneý şäherinde ýerleşýän «Sydney University of Technology» uniwersitetinde şu ýylyň dekabrynda geçirilýär. Birnäçe tapgyrdan ybarat bolan olimpiadanyň saýlama we ýarym final tapgyrlary dünýäniň dürli ýurtlarynda guralyp, Türkmenistanyň okuwçylary her ýyl bu bäsleşikde üstünlikli çykyş etmegiň hötdesinden gelýärler.
«MathXCEL» halkara olimpiadasy bolsa matematika dersi boýunça geçirilýän abraýly halkara bäsleşikdir. Okuwçylaryň logiki pikirlenişini, mesele çözmek ukybyny we matematiki taýýarlygyny ösdürmäge gönükdirilen bu olimpiada hem Türkmenistandan bolan okuwçylaryň mümkinçiliklerini görkezmegi üçin ajaýyp meýdança boldy.
«XCEL GLOBAL ROUND 2026» ady bilen geçen tapgyryň ELITE, «MathXCEL» hem-de «RobotiXCEL» bäsleşikleri ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmaga, olaryň halkara derejesinde tejribe toplamagyny gazanmaga we geljekde dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralarynda üstünlik gazanmagyna ýardam berýär.
Ýaşlarymyzyň abraýly olimpiadalardaky medallary hem-de üstünlikleri
Altyn medallar
• Amir-Ali Ibragimov – ELITE (English) + «Iň ýokary netije»
• Şöhrat Öwezdurdyýew – ELITE (English)
• Alparslan Atageldiýew – «MathXCEL»
• Mähri Nurlyýewa – ELITE (English)
• Eýýub Annaýew – «RobotiXCEL» (Line Follower) + «Iň ýokary netije»
• Ahmet Akmämmedow – «RobotiXCEL» (Line Follower) + «Iň ýokary netije»
Kümüş medallar:
• Kakageldi Döwletgeldiýew – ELITE (English)
• Kakageldi Döwletgeldiýew – «MathXCEL»
• Öwezdurdy Hudaýnazarow – ELITE (English)
• Öwezdurdy Hudaýnazarow – «MathXCEL»
• Aýlar Serdarowa – ELITE (English + «Iň ýokary netije»
• Ýusup Durdyýew – «RobotiXCEL» (Line Follower)
• Hajy Kemal Şener – «RobotiXCEL» (Line Follower)
• Muhammetnazar Dawut – «MathXCEL»
• Aýjeren Muhammetnazarowa – «MathXCEL»
• Tylla Çarymuhammedowa – «MathXCEL»
Bürünç medallar
• Emiraly Amanlyýew – ELITE (English)
• Mekan Baýryýew – ELITE (English)
• Aýlar Haşimowna Alimowa – ELITE (English)
• Altynaý Öwezgulyýewa – ELITE (English)
• Zöhre Atakowa – ELITE (English)
• Aýnur Ýagmyrowa – ELITE (English)
• Aýlar Serdarowa – «MathXCEL»
• Eziz Myradow – «MathXCEL»
• Gulşat Muhammetnazarowa – «MathXCEL» + «Iň ýokary netije»
Hormatly agzalyga eýe bolanlar :
• Alparslan Atageldiýew – ELITE (English)
• Emiraly Amanlyýew – «MathXCEL»
• Amir-Ali Ibragimov – «MathXCEL»
Toparlaýyn üstünlik: («RobotiXCEL» – «Stair Climbing» derejesi boýunça)
«White Stars» topary – altyn medal + «Iň ýokary netije»
Toparyň agzalary:
• Alihan Akgaýew
• Ýusup Geldiýew
• Ahmet Geldiýew
Biz abraýly olimpiadalaryň medallaryna eýe bolan ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys.
Bu bäsleşikleriň Turkmenistanda «Bilimli Kent» atly halkara olimpiadalary gurnayjy platforma tarapyndan alnyp barylýandygyny ýatladýarys.
Taze tapgyr barada maglumat almak için aşakda gorkezilen salgy hem-de telefon belgiler boýunça yüz tutup bilerler:
@bilimlikent_tm
+993 62 13 55 99
+993 62 42 02 53
