«Xiaomi» kompaniýasy täze «akylly» gulpuny tanyşdyrdy

MilliInfo

29 Oktýabr, 2025

«Xiaomi» kompaniýasy täze «akylly» gulpuny — «Self-Install Smart Lock» enjamyny tanyşdyrdy. Tehnologiýa ozal bar bolan gapy gulpunyň üstüne aňsatlyk bilen gurnamak üçin niýetlenendir we burawlamak arkaly berkitmegi talap etmeýär.

Gulp iki bölekden ybarat bolup, olar mehaniki gulplama mehanizmi hem-de duýgur (sensorly) klawiaturadyr. Täze enjam birnäçe açyş usulyny goldaýar. Ony hemişelik ýa-da wagtlaýyn sanly açar, 99,3% takyklygy bolan barmak yzyny kabul ediji tehnologiýanyň üsti bilen, ätiýaçlyk fiziki açar arkaly, ses buýruklary hem-de ýörite ykjam goşundy bilan açmak we ýapmak mümkinçiligi bar. Size diňe görkezilen mümkinçiliklerden birini saýlamak ýeterlik.

Gulp «Wi-Fi» we «Bluetooth» ulgamlary boýunça işleýär. Bu bolsa enjamyň ýagdaýyny daşardan barlamaga, maşgala agzalarynyň öýe gelendigi ýa-da rugsatsyz açmak boýunça synanyşyklar barada duýduryşlary almaga mümkinçilik berýär. Goşmaça gapy datçigi ornaşdyrylan ýagdaýynda gulp awtomatiki gulplama wezipesini ýerine ýetirýär. Adaty ýagdaýda bolsa gulp degişli düwmä basylanyndan soň işjeňleşýär.

«Xiaomi Self-Install Smart Lock» tehnologiýasy kompaniýanyň ekoulgamyna laýyk gelýär hem-de açyk «Matter» ülňüsini goldaýar. Bu bolsa ony dürli öndürijileriň akylly enjamlary bilen sazlaşykly ulanmak mümkinçiligini döredýär. Enjam öwrülýän tutawaçly gulplara hem, adaty açar mehanizmleri bolan gapylara hem laýyk gelýär.

Täze enjam ýakyn günlerde tapgyrlaýyn esasda satuwa çykarylar

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info