«Xiaomi» çotgasyny öz-özünden arassalaýan we guradýan tozan sorujysyny tanyşdyrdy

MilliInfo

1 sagat öň

«Xiaomi» çotgasyny öz-özünden arassalaýan we guradýan tozan sorujysyny tanyşdyrdy

«Xiaomi» kompaniýasy Hytaýda täze «Mijia Wireless Floor Scrubber 5» simsiz pol ýuwujy tozan sorujysyny tanyşdyrdy. Täze enjamy eýýäm 1645 ýuandan (takmynan 240 dollar) öňünden sargyt etmek elýeterlidir.

Bu enjam hem çygly, hem gury arassalaýyş wezipelerini özünde jemleýär we 18 000 Paskal sormak güýjüne eýe bolan dwigatel bilen enjamlaşdyrylandyr. Esasy rolikli çotgasy minutda 400 gezek aýlanýar we pola 22,3 Nýuton güýç bilen basylýar. Bu bolsa diňe bir hapa ýygnaman, eýsem, hapalary we tegmilleri has netijeli süpürmäge mümkinçilik berýär.

Arassalaýyş wagtynda hapanyň meýdana ýaýramazlygy üçin bolsa rolik arassa suw bilen yzygiderli ýuwulýar. Saçlaryň we ýüňleriň çolaşmagyna garşy «Xiaomi» dört basgançakly gorag ulgamyny ornaşdyrdy.

Tozan sorujynyň gurluşy düýpli täzelendi. 1 litrlik arassa suw gabynyň aşak geçirilmegi bilen agyrlyk merkezi üýtgedildi. Bu bolsa ellere düşýän agramy, takmynan 25% azaldýar we çotganyň pola basyş güýjüni 10% artdyrýar. Enjam 70 gradusa çenli öwrülip bilýär we öňe hereket etmäge kömek edýän ýörite ulgam bilen üpjün edilen.

Tozan sorujy 180 gradus ýatyrylýandygy sebäpli, mebelleriň aşagyny hem arassalamaga ukyplydyr. Hapa suw üçin niýetlenen gabynyň göwrümi bolsa 700 ml-e deňdir.

Akkumulýatorynyň bir gezekki zarýady, takmynan 45 minut işlemek üçin ýeterlikdir. «Xiaomi» kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, bu wagt 334 inedördül metre çenli meýdany arassalamaga mümkinçilik berýär.

Enjam energiýa beriş stansiýasyna goýlansoň, roligi öz-özünden arassalamak we çotgasyny hem-de süzgüçlerini 100 °C çenli gyzgyn howa bilen guratmak işine başlaýar. Guratmak wagtynda tozan sorujynyň ses derejesi, takmynan 45 dB töweregi bolýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info