«Xiaomi» akylly saglyk tehnologiýasy babatynda iň täze oýlap tapyşyny — «Mijia Multi-directional Sweeping Electric Toothbrush» atly köpugurly hereket mümkinçiligi bolan elektrik diş çotgasyny hödürledi.
Täze enjam üç stil görnüşindäki reňklerde hödürlenýär: altyn, benewşe we gök. Çotga «Xiaomi IoT» ekoulgamy bilen utgaşykly işleýär, bu bolsa ulanyja agyz boşlugynyň ýagdaýyny yzarlamaga we dişleri arassalamak boýunça şahsylaşdyrylan maslahatlary almaga mümkinçilik döredýär.
Çotganyň binýadyny dişleriň ähli ýüzlerini hemmetaraplaýyn arassalamak üçin işlenip düzülen hem-de «Xiaomi» tarapyndan patentlenen yrgyldy ulgamy düzýär. Enjamyň aýratynlygy dürli diş ýüzlerini tanap bilmekden we arassalaýyş tertiplerini awtomatiki usulda sazlamakdan ybaratdyr.
Täze enjamyň bahasy 4000 ýuana, has takygy, takmynan 550 amerikan dollaryna barabar.