Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasynyň bir bölegi bolan «Duoqin» brendi emeli intellekt tehnologiýasy bilen üpjün edilen düwmeli telefonyny hödürledi.
Ol birbada adaty fiziki klawiaturaly hem-de uzyn gabaraly «diňe jaň etmek üçin niýetlenen» telefon ýaly görünýär. Muňa garamazdan, 3,54 dýuým ölçegdäki hem-de 640×960 piksel çözgütli sensor ekranyny hem-de meşhur «DeepSeek» emeli intellekt ulgamyny goldaýar.
Mundan başga-da, telefon sekiz ýadroly «MediaTek MT8786» prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Ol 6 GB operatiw we 128 GB hemişelik ýady bolan toplumy, şeýle hem 2700 milliamper/sag göwrümli batareýany öz içine alýar.
Enjam «Android 14» ulgamynda işleýär, 4G aragatnaşygyny, şeýle hem Wi-Fi we «Bluetooth» interfeýslerini goldaýar. Mundan başga-da, telefonda iki SIM-kart üçin ýer, infragyzyl port (IR-port) we «Qin AI» bilen üpjün edilen kömekçi bar.




