Yssyk-Köldäki kölüň kenarynda GDA we ŞHG ýurtlarynyň XXIV halkara sport oýunlary geçiriler

MilliInfo

4 — 12-nji sentýabrda Gyrgyz Respublikasynda GDA (Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy) we ŞHG (Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy) ýurtlarynyň XXIV halkara sport oýunlary geçiriler. Bu çäre «Aziýa — dostlugyň we parahatçylygyň sebiti» şygary astynda geçer.

Oýunlara dürli ýurtlardan, şol sanda Belarusdan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Hindistandan we Mongoliýadan üç müňden gowrak türgen gatnaşar.

Däp bolşy ýaly, ýaryşlaryň maksatnamasy sportuň milli görnüşlerini, armrestlig, stritbol, woleýbol, giri sporty, darts, ýeňil atletika, kiçi futbol, mas-restling, stol tennisi, suwda ýüzmek ugurlaryny, şeýle hem «Buka Tartyş» (ýüp çekmek), «Oortuktardy taşuu» (100 kilogramlyk daşy galdyrmak), «Gyrgyz kuroş» (milli göreş) bäsleşiklerini, galyberse-de, plýaždaky futbol, plýaždaky woleýbol, plýaždaky regbi, plýaždaky sambo, plýaždaky göreş, plýaždaky sumo, guşakly alyş göreşi, sirym göreşi hem-de erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýeňil atletika ylgawy boýunça bäsleşikleri özünde jemlär.

Mundan başga-da, Yssyk-Kölde boljak myhmanlara ajaýyp medeni maksatnama, Gyrgyz Respublikasynyň iň gözel ýerlerinde dynç almak mümkinçiligi garaşýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo