Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriň arasynda geçirilen duşuşykda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler ara alyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi.
Uniwersitetiň rektory myhmanlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fakultetleri, kafedralary we onda bilim berilýän hünärler, taýýarlygyň ugurlary hem-de uniwersitetiň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiň talyplary we mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar barada onlaýn okuwlaryny geçirilýändigini hem-de ýaşlaryň Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde tomusky önümçilik tejribeliklerine yzygiderli gatnaşýandyklary aýdyldy.
2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy we Petronas kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnama ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça dördünji Ähtnama bolup durýar.
«PETRONAS» kompaniýasynyň Bilim we adam kapitalyna maýa goýumlary boýunça Baş direktory Akmal Niza Ahmad kompaniýanyň Tehnologiýa uniwersitetiniň Malaýziýada we Aziýada inžener ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýandygyny belläp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Ylmy-barlag işlerini alyp barmaga gyzyklanma bildirip, bilelikde ylmy temalar boýunça ylmy işleri alyp barmagy, ylmy makalalary ýazmagy we olary halkara indekslenýän ylmy žurnallarda çap etmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy.
Wekil Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam boýunça Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň onlaýn we göni gatnaşmagy arkaly geçirilýän okuwlaryň dowam etdiriljekdigini habar berdi.
