Ata-babalarymyz näme üçin beýle diýdikäler?! Ine, şu sowala jogap tapmak üçin biz ýene-de eždatlarymyzyň aýdan sözlerine, pähimlerine ýüzlendik. «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar». «Ýaldyrak dogandan soň, keýik suwsamaz», «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýen ýaly pähimlerde yssy tomsuň jöwzaly günleriniň yzysüre «Ýaldyragyň» dogmagy bilen, salkyn howanyň aralaşýandygy, agşam ýere çyg düşüp, ösümlikleriň ýapraklarynyň terlenýändigi, gündiz howa az-kem gyzsa-da, dessine öz ornuny salkyn howa berýändigi aýdylýar.
Eýsem «Ýaldyragyň» doganyny nädip bilmeli? Ilki bilen-ä, «Ýaldyrak» dogjak wagty howa birden gyzýar, emma köp dowam etmeýär. Sebäbi öňde güýzüň, ýagny «Mizanyň» hem ýetip gelýändigini ol duýýar. «Uly köpek ýyldyzlar» toparynyň iň ýagty ýyldyzy bolan «Ýaldyragy» 12-nji awgustda kim görmek islese, Günüň dogýan tarapynda asman giňişliginde jahan ýagtylmanka görüp biler.
Oňa beýleki ýyldyzlardan has ýagtydygy üçin «Ýaldyrak» diýlip at berlipdir. «Ýaldyrak» sentýabr aýynyň 22-sine çenli özüniň ýerini üýtgetmän, şöhle saçyp durýar. 23-nji sentýabrda bolsa ol öz ornuny «Mizan» ýyldyzlar toparyna berýär. «Mizan» arap dilinde «terezi» diýen manyny berýär. Sebäbi hut şu döwürde gije bilen gündiz deňleşýär. 23-nji sentýabrdan gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Şeýlelikde, yssy günler yzda galyp, güýz pasly öz hökümini ýöredip başlaýar. Mizana çenli dowam eden «Ýaldyrak» döwrüniň yssy günleri gowaça körekleriniň pagta süýümlerini emele getirýän döwrüne gabat gelýär. Eger yssy günler gowşagrak bolsa-da «Mizana» çenli dowam etse, onda pagta süýüminiň hili gowy bolýar.
