29-njy iýulda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda çagalaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan surat bäşleşigi geçirildi. Çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň ýolbaşçylary we çagalar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, täsin tebigaty, medeni gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.
Bäsleşigiň dowamynda çagalar «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli suratlary çekmekde öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler.
Çäräniň netijeleri boýunça gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirildi hem-de ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, türkmen milli tagamlary hödür edildi.
