Ýaponiýada Ýontama atly pişik jogapkärli wezipä bellendi

MilliInfo

2 sagat öň

Ýaponiýada Ýontama atly üç reňkli pişigiň resmi taýdan demir ýol stansiýasynyň gözegçisi wezipesine bellenendigini «Independent» neşiri habar berýär.

Bu wezipe simwoliki häsiýete eýe bolup, pişik, ilkinji nobatda, demir ýol ugrunyň dostluk tumary hökmünde hyzmat edýär we syýahatçylaryň ünsüni çekýär. «Wakayama Electric Railway Co» kompaniýasyna degişli bolan Kişigawa ugruna 2007-nji ýylda üns berlip başlanypdy. Şonda Tama atly pişik wokzalyň gözegçisi wezipesine bellenipdi. Ilkinji pişik-gözegçi 2015-nji ýylda — 16 ýaşynda aradan çykdy. Ol ýerli demir ýoly dikeltmäge goşan goşandy we müňlerçe syýahatçyny özüne çekip, sebite 1,1 milliard iýen girdeji getirendigi bilen meşhurlyga eýe boldy.

Tamanyň gazanan üstünligi demir ýolçulary bu däbi dowam etdirmäge ruhlandyrdy: Onuň ornuny 2025-nji ýylyň noýabrynda aradan çykan Nitama atly pişik tutupdy. Indi bolsa bu wezipäni Ýontama dowam etdirmeli bolar. Öý haýwanlary üçin şeýle wezipeler Ýaponiýanyň beýleki demir ýol stansiýalarynda hem peýda boldy — diňe bir pişikler däl, eýsem, itler we towşanlar hem «işe alyndy».

Ýontamany wezipä bellemek dabarasy 7-nji ýanwarda Wakayama prefekturasynyň Kinokawa şäherindäki Kişi stansiýasynda geçirildi. Çäräniň dowamynda «Wakayama Electric Railway Co» kompaniýasy Rokutama atly ýene bir pişigi tanyşdyrdy, ol wokzal gözegçisiniň wezipesini öwreniji bolup işe başlady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info