Ýaponiýanyň ilçihanasy Japanese-Language Proficiency Test (JLPT) synagyna arzalaryň kabul edilýändigini habar berdi

MilliInfo

22 Awgust, 2025

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Japanese-Language Proficiency Test (JLPT) synagyna arzalar kabul edilýändigini habar berýär. Bellige alnyş 25-nji awgustan 1-nji sentýabra çenli dowam eder.

Ýeri gelende bellesek, synag şu ýyl ikinji gezek geçirilýär. Ýapon dil bilimini bahalandyrýan bu synag 2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda guralar. Ähli isleg bildirýänler anketalary we amaly sorag nusgalaryny Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasyndan alyp bilerler. Şeýle hem JLPT-niň resmi saýtynda arzalaryň nusgasy ýükläp almak mümkinçiligi hödürlenilýär.

JLPT halkara derejesinde ykrar edilen synag bolup, onuň netijeleri hem ýapon uniwersitetlerine girilen ýagdaýda hem-de Ýaponiýanyň we onuň daşyndaky kompaniýalara işe girilende hasaba alynýar.

Bu synaglar talyplara we ýapon dilini öwrenýänleriň ählisine öz bilimlerini hem üstünliklerini görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döreder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info